Garyplyk
Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk;
Soragy men boldum gaýgy-gam bilen,
Gelip düşer hatar-hatar garyplyk.
Pany dünýä zynat bilen, harç bilen,
Ýüregim maddadyr, bagrym berç bilen,
Wadasyz şum ölüm bergi-borç bilen,
Ýylba-ýyldan gaýym tutar garyplyk.
Iýmesem, içmesem, mydarym ötmez,
Bürenip ýatmaga kararym ýetmez,
Günde müň kowlasam, baýlara gitmez,
Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.
Tapypdyr her ýerde ýeke-ikini,
Çekipdir biline gaýyş çekini,
Alypdyr eline daşly sokyny,
Ýadaman, depämden urar garyplyk.
Ýylba-ýyldan meniň müflisim çykar,
Garybyň ýüzüne kim gülüp bakar?
Ýaryşsam ýüwrükdir, göreşsem ýykar,
Oýnasam, oýnumda utar garyplyk.
Bir sözüm bar, saňa aýdaýyn, Durdyly,
Sakalym gyrawly, murtum burjuly,
On bäş köpek bile, otuz gürjüli,—
Gykuwlap yzymdan ýeter garyplyk.
Seýr etmedim sähralarda, çöllerde
Mestana gezmedim uly illerde,
Bir bilbildim, saýramadym güllerde,
Çag zeýnimi garar-gatar garyplyk.
Kemine diýr, geler bir gün şum olüm,
Kimsäge — toý-baýram, kimsäge — zulum,
Gyýylma, ynjama, sabr eýle, köňlüm!
Gelipdir — bir zaman öter garyplyk.
Türkmen şahyry: Kemine کمینه