کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Bir tüýsli

Bir tüýsli

Ajap bir janawar, jaýy sürende,

Reňgi gara ýylçyr, tosy bir tüýsli;

Bürgüt dek howadan uçup gelende,

Periniň owazy-sesi bir tüýsli.


Mydam geler yk taýyňdan ys bilen,

Urup kowlamasaň, gitmez ses bilen,

Maslahaty bolmaz ýaru-dos bilen,

Bazarynda basa-basy bir tüýsli.


Nejasatdyr mydam iýýän höregi,

Kellesidir munuň uly ýaragy,

Ys almasa, ömür görmez garagy,

Kebzeden gaýrasy ýasy bir tüýsli.


Nejasatdan paýlap alar paýyny,

Höwründen azaşsa, tapmaz taýyny,

Urşanda goç kimin alar maýyny,

Esirän erkegniň mesi bir tüýsli.

Gözi yzyndadyr ýükli gidende,

Menzili şol ýerdir, özi ýetende.

Dürli nejasatlar bardyr bedende,

Burna golaý gelse, ysy bir tüýsli.


Nejasatlar ýygnap hine doldurar,

Az ömrüne kanagatyn aldyrar,

Kim degse, saýyl dek golun galdyrar,

Gargyş etse, bet dogasy bir tüýsli.


Ganaty ýazylmaz nehoş bolanda,

Gözi açyk, armanlydyr ölende,

Gamy ýok harjyny hine salanda,

Ýataşärik bolan dosty bir tüýsli.


Emedekläp, aňmaz kör dek tutany,

Gaýgyrmaz bir-birin gurby ýeteni,

Çukra ýykylyp öler bagty ýatany,

Bolmaz togalagnyň kösi bir tüýsli.


Pirimiz Äraly, düşün bu söze —

Galdyrar aýagyn, pata biýr bize,

«Ylahy, omyn!» diýr, el sürtüp ýüze,

Sanan dogasynyň sesi bir tüýsli.


Türkmen şahyry: Kemine کمینه