کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Emire meňzär

Emire meňzär

Jem bolsa hatynlar bary,

Her biri emire meňzär:

Şol hatynlaryň barysy

Senetli wezire meňzär.


Birisi bardyr gezende,

«Gel» diýmezler, irizende,

Gözi bardyr gap-gazanda.

Zat tapsa gemire meňzär.


Birisiniň uzyn özi,

Kereşmeli, köpdür näzi,

Ukudan açylmaz gözi,

Elmydam bimara meňzär.


Biri bardyr gowy ýokdan,

Gaçawer, görseň yrakdan,

Har-hamyrdan, gökden-akdan,

Zat tapsa, ýamyra meňzär.


Birisi bardyr — horandyr,

Idelmez ýere barandyr,

Azyndan on bäş görendir,

Semreýir, hamyra meňzär.


Ýene hem birisi bardyr,

Jahyl görse, hyrydardyr,

Bir söz aýtsaň, minnetdardyr

Ýörişi haýýara meňzär.


Biri ýüz urar hünäre,

Hünär eder göre-göre,

Birisiniň reňgi gara,

Mysaly sygyra meňzär.


Birisiniň içi janly,

Gury agaçdan istihanly,

Birisi bar etli-ganly,

El ursaň, hamyra meňzär.


Biri bardyr çygry çykan,

Eden işi bir iç ýakan,

Daş işige külün döken,

Her ýygyrdy hyra meňzär.


Biri bardyr taýyn daýym,

Mydam gullugynda gaýym,

Kemally berse hudaýym,

«Öl» diýseň, jan biýre meňzär.


Biri bardyr, misli maýa,

Bir görmeseň, ömrüň zaýa,

Nazaryňa gelse göýä,

Akylyň dagyra meňzär.


Bolsa ýigidiň ýagşy aýaly,

Döwlet salar saňa ýoly,

Abraýyň doldyr goly,

Bir sahyby-pire meňzär.


Kemine diýr, bir söz bolar,

Kysmatda bary ýazylar,

Ýagşy gelin, ýagşy gyzlar,

Mysaly gülzara meňzär.


Türkmen şahyry: Kemine کمینه