کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Ak eder

Ak eder

Eý, agalar, ýaman heleý

Sakgalyň çykmanka ak eder;

Abraýyňy ýere döker,

Ýürek-bagryňy dag eder.

Başy çykmaz hiç bir işden,

Emma görseň, aýal daşdan,

Ak ýüplükden, gök erişden,

Saçyna ýüpden bag eder.

Mydam iliň gepin bakar,

Gazananyň ýere döker,

Geýim geýse, ýarsyn ýakar,

Ýakasyn ýyrtyp, çäk eder.

Äri hem gazanyp getir,

Çuwala salmanka ötir,

Göreniň külünde otyr,

Diýr «Maňa ärim gyýk eder».

Bolmaz gepiniň saýagy,

Ilden ýygnanmaz aýagy,

Ýalandan çenäp taýagy,

Öz öýüni gum-guk eder.

Garyp alyň asly-zatyn,

Ýamandan al boýuň satyn,

Kemine diýr, selki hatyn

Alyn saçyň çym-ak eder.

Türkmen şahyry: Kemine کمینه