-
Halal gezer
پنجشنبه 11 مرداد 1403 21:39
Halal gezer Dünýe bir bimesrep jaýdyr, Haram gezer, halal gezer; Mal eýesi pylan baýdyr, Adam ornuna mal gezer. Şerigaty bilseň dogry, Aýtmasaň, boldugyň ogry, Kazy egri, müfti egri, Elip ornuna dal gezer. Galypdyr kelamyň sözi, Kör begenmez gören gözi, Pir bolar şeýtanyň özi, Sopular hem haýal gezer. Sena bolmaz...
-
Ak eder
پنجشنبه 11 مرداد 1403 21:34
Ak eder Eý, agalar, ýaman heleý Sakgalyň çykmanka ak eder; Abraýyňy ýere döker, Ýürek-bagryňy dag eder. Başy çykmaz hiç bir işden, Emma görseň, aýal daşdan, Ak ýüplükden, gök erişden, Saçyna ýüpden bag eder. Mydam iliň gepin bakar, Gazananyň ýere döker, Geýim geýse, ýarsyn ýakar, Ýakasyn ýyrtyp, çäk eder. Äri hem...
-
Emire meňzär
سهشنبه 9 مرداد 1403 21:17
Emire meňzär Jem bolsa hatynlar bary, Her biri emire meňzär: Şol hatynlaryň barysy Senetli wezire meňzär. Birisi bardyr gezende, «Gel» diýmezler, irizende, Gözi bardyr gap-gazanda. Zat tapsa gemire meňzär. Birisiniň uzyn özi, Kereşmeli, köpdür näzi, Ukudan açylmaz gözi, Elmydam bimara meňzär. Biri bardyr gowy ýokdan,...
-
Dilberim galdy
سهشنبه 9 مرداد 1403 21:12
Dilberim galdy Welaýatdan çykdym, gitdim, Yzymda dilberim galdy; Dostlar, bu jana jebr etdim, Gara gözli ýarym galdy. Hälä çekerin men zehmet, Dogdy başyma kyýamat, Ýene bolsa dem ganymat, Meniň ahy-zarym galdy. Göründi galanyň burçy, Ýüregimde yşkyň berçi, Agzy pisse, lebi harçy, Aglap. söwer ýarym galdy. Bu galaňyz...
-
Ärsarynyň gyzy
سهشنبه 9 مرداد 1403 21:07
Ärsarynyň gyzy Ýarym diýip, ýola çyksam, Ýollar — ärsarynyň gyzy; Jeren gözläp, çöle çyksam, Çöller — ärsarynyň gyzy. Çölüstanda bardyr baýlar, Zyndan boldy maňa jaýlar, Ötüp barýar ýyllar, aýlar, Günler — ärsarynyň gyzy. Alma-naryň ysy ýupar, Ter mämeler goldan sypar, Ýüzi görkli, eli çeper, Çeper — ärsarynyň gyzy....
-
Diliň derdinden
سهشنبه 9 مرداد 1403 21:03
Diliň derdinden Aşygam, saklana bilmen Saýraýan diliň derdinden; Bilbilem, uklaýa bilmen Gyrmyzy gülüň derdinden. Sen Şasenem, men şasuwar, Garybyň men, kyl istiwar, Ýada salsam agzym suwar, Dodakda balyň derdinden. Ýaraşsyn ýagy illeriň, Açylsyn batyl ýollaryň, Näzikdir inçe billeriň, Sallanan goluň derdinden....
-
کمینه Kemine
دوشنبه 8 مرداد 1403 21:00
Kemine – Goşgular .Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi .Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda «ÝEDIGEN» kitaphanajygy Kemine «TURAN» Aşgabat, 1991 Kemine – Goşgular Kitapça türkmen klassygy Mämmetweli Keminäniň goşgulary girizildi. «Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan» neşirýaty, 1991. — TSSR-iň...