کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

کمینه Kemine

Kemine – Goşgular

.Türkmen Sähra  Kitaphanasy blog-a  geçirildi

.Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda


«ÝEDIGEN» kitaphanajygy

Kemine «TURAN»

Aşgabat, 1991

Kemine – Goşgular

Kitapça türkmen klassygy Mämmetweli

Keminäniň goşgulary girizildi.

«Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan»

neşirýaty, 1991.

TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.

Redaktor-düzüji: Tejen Nepesow.

Neşir üçin jogapkärler: Kömek Kulyýew, Anna Sous.

Suratçylar: Sülgün, Myrat, Annaguly Hojagulyýewler.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim. com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

PDF-a geçirildi: 21. Maý 2013

«Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy.


MAZMUNY

KEMINE

(1770 – 1840)

Kemine 1770-nji ýylda Saragt töwereginde Garadöwletiň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň ýaşlygy Saragt hem Mary töwereginde geçipdir. Ol ilki Saragtda oba mekdebinde okaýar. Soňra şol ýerde bir ahundan ýörite sapak alýar, emma bu hem Mämmetweliniň bilesi geliji ýüregini kanagatlandyrmaýar. Halk arasyndaky gürrüňlere görä Kemine Buhara medreseleriniň birinde okapdyr. Bilimini kämilleşdirmek maksady bilen ol Hywa Äraly işanyň ýanyna gidýär. Şahyr Äraly işan pirden öz döwrüniň kemsiz bilimini alýar we Äraly işan ýaly döwrüniň meşhur piri bilen deň derejede sowady bolan adam bolupdyr. Kemine obadaşy bolan Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Bularyň Allaýar hem Hudaýýar diýen iki ogly bolupdyr. Şahyr deň-duşlary bilen oturşmagy, saz-söhbeti söýen şahandaz adam bolupdyr. Ol Aly bagşy atly döwrüniň belli bagşysy bilen ýakyn gatnaşykly bolupdyr. Aly bagşynyň Keminäniň goşgularynyň biziň günlerimize ýetip gelmeginde hyzmaty örän ulydyr. Sebäbi bagşy Keminäniň şygyrlaryny heňe geçirip, halk arasynda aýdym edip aýdypdyr we ýaýradypdyr. Keminäniň öz döwürdeş klassyk şahyrlary Mollanepes, Şabende, Talyby bilen hem ýakyn gatnaşygy bolupdyr. Şahyrlar mahal-mahal duwşuşyp, goşgy şygr aýdyşypdyrlar, degişipdirler, gülküli gürrüňler edipdirler. Kemine 70 ýaşap, 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri häzirki Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýar. Keminäniň lirikasy Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Döwrünüň wajyp meseleleri şahyryň hemişe üns merkezinde bolup, olara ynsanperwer kalby, Allatagallanyň bagş eden doga-bitdi pähim-paýhasy bilen baha beripdir. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir.


Keminäniň galamynda lirika we satira utgaşýar.





نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد