Ogulmeňli
Gapyl idim, bu gün geldim üstüňe,
Janym paýendazdyr, gyz Ogulmeňli;
Üç gündür, mes bolup, geldim özüme,
Dözebilmen, bagrym gan, Ogulmeňli.
Sözle, perim, sözle, nijeler Perhat,
Köýüňde gezer men dat bilen perýat,
Yklym içre gelmez sen deý perizat,
Yklymyň soltany, han Ogulmeňli.
Sözle, perim, sözle, sözle jahanda,
Mekge, Medinede, Rum-Ispyhanda,
Ogulmeňli atly köpdür jahanda,
Bir senden özgesi san, Ogulmeňli.
Her gören, görmeýen arzuwyň çeker,
Müjgeniň hanjardyr, bagrymny söker,
Elli gyz hyzmatkär, elli bäş nöker.
Ýüz bäşe taý geler, jan Ogulmeňli.
Türkmen şahyry: Kemine کمینه