Salma gözüňden
Mürçe gözelleri şahandaz bolar,
Aşyklar ýanynda paýendaz bolar,
Bir ýerik kän barsaň, gadyryň az bol
Garry gadyrdany salma gözüňden.
Daýnanyň öňüniň beýik arçasy,
Dökülse dökülsin gülüň gunçasy,
Owarram ýykylsa garry Mürçesi,
Garry gadyrdany salma gözüňden.
Köp ýaşadym diýip, çekmegin arman,
Gara saçyň bolsam agyna gurban,
Çem gelen döwrany golundan bermän,
Garry gadyrdany salma gözüňden.
Kemine diýr, geplesem-de gep bolar,
Geplemesem, haýsy derdim dep bolar
Ýalançyda ýagşy-ýaman köp bolar,
Garry gadyrdany salma gözüňden.
Türkmen şahyry: Kemine کمینه