کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Içmek

Içmek

Agşam gelin oturdym, hiç gelmedi ýanyma,

«Ot gerekmi, suw gerek» diýmedi myhmanyna,

Egnime algaşdyrsam, ot goýberdi janyma,

Ýama saýy biri bar, bit bile doly içmek.


Meň köwlän çigildemim Töwrizde kyrkdan aşdy,

Uzyn gije büküşip, aýak kibtimden geçdi,

Eden işim bilmedim, aklym başymdan çaşdy,

Şokurdap, il ürküzer ogşuk bahaly içmek.


Ertir turup seretsem — dag keýginiň sarysy,

Saryna ýagyş degen, hiç galmandyr derisi,

Tüýli ýerinden känräk, tüýsüz ýeri—ýarysy,

Kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek.


Içmek, seniň taryhyň kyrk ýamalar görüpdir,

Synyn silkip, toýlarda niçe döwran sürüpdir,

Uk ýaly galdyrsam, «omyn» diýip durupdyr,

Ýel giren ýyrtyklaryň çişläp bogaly, içmek.


Bu-ýa bir şeýle possun, muny alyp saklasaň,

Kän görer sen peýdany, Hywa, Buhar ýükleseň,

Bir azrak kemi bar, guşuň dersin bekleseň,

Kimden galan şylha sen, şeýle «mazaly» içmek.


Nuhuň gämisin tartan babamyza satandyr,

Ýel-ýagmyryň astynda ýetmiş ýyllap ýatandyr.

Alakadan, garsakdan çala başyn çatandyr,

Şondan galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek.


Bu possuna taý ýokdur, barsaň yrak zemine,

Akmaklykda ýapynyp, düşdüň bitiň demine,

Bit-büräniň öýüdir, barma munuň çemine

Kimden galan şylha sen, şeýle «mazaly» içmek.


Kemine diýr, daň atar, alla maňa ýar bolsa,

Özge çatma gerekmez, pakyr çatma bar bolsa,

Içmek, seniň daşyňda iller hyrydar bolsa,

Il ýygnanyp, nyrh kesse — erkek bahaly içmek


Türkmen şahyry: Kemine کمینه