کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Arzym aýdaýyn

Arzym aýdaýyn

Dostlarym, geldim alysdan, hana

arzym aýdaýyn,

Döwleti–sahyp kerem, soltana

arzym aýdaýyn,

Gül içinde bir güli-reýhana

arzym aýdaýyn,

Peýkeri–sima melek ruhana

arzym aýdaýyn,

Köwserim, tuby kadym, ryzwana

arzym aýdaýyn.


Leýli hem Mejnun kibi

çöllerge ugraşdym bu gün,

Wamyku–Uzra bolup,

köp örtenip-bişdim bu gün,

Warka–Gülşadan beter

hunabalar içdim bu gün,

Arzy–Ganbar, Zöhre–Tahyr dek

ýanyp geçdim bu gün,

Çün olaryň yşkyna perwana,

arzym aýdaýyn.


Aşygy–Perhady gör,

Şirin zülaly istedi,

Dagy–daşy kül edip,

zowky-wysaly istedi,

Gurbaty Ýusup–Züleýha

ömri saly istedi,

Sagdyýu–Seýpelmelek,

Medhaljemaly istedi,

Janymy gurban edip,

janana arzym aýdaýyn.


Dawudyň ogly Süleýman

bir perizady görüp,

Bihasap leşger bilen

kyrk gije-gündiz ýol ýörip,

Çekdi Bylkysyň pyragyn,

kähriba dek sargaryp,

Ýedi ýyldan bir gowuşdy

Şasenem, aşyk Garyp,

Men gowuşmaý galdym,

ol armana arzym aýdaýyn.


Sen uçar sen, men ýorür men,

sen — perizat, men — beşer,

Salmyşam söwda başymny

herne gelse haýru-şer,

Geýdi çykdy aly-ýaşyl,

göýä bir älemgoşar.

Gün gezer gögüň ýüzünde,

şuglasy ýerge düşer,

Aýa aşyk bolmuşam,

asmana arzym aýdaýyn.


Dolduryp yşkyň meýinden,

berseler tas bile,

Ýedi weli, dört ýaran,

ol Hyzyr–Ylýas bir tas bile,

Çagyryp perýat eder men

her säher yhlas bile,

Bahry-yşka gir, Kemine,

dür talap guwwas bile,

Şamçyrag göwher üçin ummana

arzym aýdaýyn.


Türkmen şahyry: Kemine کمینه