Örtär meni
Eý, perim, salsaň nazar,
ýalkym düşer didaryňa.
Gözleýip göz gyýgy birle
bakyşyň örtär meni;
Beslenip öýden çykar sen,
sallanyp her bir ýaňa.
Bat alyp, misli jeren dek
böküşiň örter meni.
Dakynyp tylla, kümüş,
billeriňe şitde orap,
Som daraýy parladyp,
çyksaň başa şahy büräp,
Uz ýöräp, seýkin basyp, boýnuň burup,
her ýan garap,
Sallanyp ulgam bilen,
gyz çykyşyň örtär meni.
Simu-zerden bezenip,
gül ýüzüňe çalsaň gülap,
Ser salyp, çoh aýlanyp,
hiç tapmadym senden hylap,
Belli bizni ýakmak üçin
zülpleriňi sypalap,
Iki bölüp, al ýaňakdan
doküşiň örtär meni.
Ýara «ýar!» diýp, waspyňy her dem ki
çoh salsam tile,
Tolganyp, şugla jemalyň
geçse ol gunça güle,
Bu saraýlar köşgi içre
goşulyp hüýrler bile,
Süzülip humaý kibi,
gaş kakyşyň örtär meni.
Tarypyňy sözlesem men, eý,
ajap näzik nahal,
Egniňe dürli geýip,
köňlümge çoh saldyň hyýal,
Sallanyp seýle çykaňda,
zülplere degse şemal,
Diýr Kemine, müşku-anbar
kokuşyň örtär meni.
Türkmen şahyry: Kemine کمینه