کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Gulpagyň

Gulpagyň

Ne belaň bar, gutarmadyň zulumdan,

Görem, kulahyňy göter, gulpagyň;

Ýüregim dalmynyp, çykdy golumdan,

Janyma owsunlap ýeter gulpagyň.

Ak ýüzüň hallary nokatdan kiçi,

Gamzaň garakçydyr jan almak öji,

Mejnuny ýandyrdy Leýliniň saçy,

Leýliniň saçyndan artar gulpagyň.

Köňlüm bähre tapar oýnan oýnuňdan,

Sekiz jennet ysy geler goýnuňdan,

Ikisin örüp, birin goýber boýnuňdan,

Ýöräňde, sagryňa ýeter gulpagyň.

Ýelkildeşip, ýatlar bilen ýörülme,

Göze düşüp, göklügiňde orulma,

Sadagaň bolaýyn menden aýrylma,

Görse bir nämährem, gutar gulnagyň.

Yşkyň serişdesin erenler tutdy,

Aşyk bolan magşugyny unutdy.

Kemine diýr, menden ýigitlik ötdi,

Mundan hem ýakyndyr, öter gulpagyň.

Türkmen şahyry: Kemine کمینه

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد