کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir
کمینه Kemine

کمینه Kemine

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir

Şahasy beýle

Şahasy beýle

Ylym bir daragtdyr, yslam—saýasy,

Ser çekmiş asmana şahasy beýle;

Imana kuwwat biýr onuň miwesi,

Pula laýyk gelmez, bahasy beýle.


Göz ýumup, açynça haýrul-mursalin,

Magraža ýetirdi Jebraýyl emin,

Dünýä diýip at biýrler, asmanu-zemin,

Şemala gurulmyş, binasy beýle.


Amalsyz mollalar, hökümsiz hatlar,

Yslamyň ýoluna salyp siz otlar,

«Arypulla men» diýr guýruksyz itler,

Gijeler ýatyrmaz — gowgasy beýle.


Ylym eýesi ylymlarna bakmazlar,

Haramdan ellerni hiç wagt çekmezler,

Salgyma çaparlar, haka bakmazlar,

Mollalaryň ynsap-haýasy beýle.


Aksakgal ederler oglan-uşakdan,

Maslahat sorarlar dondan-guşakdan,

Garyp bolsaň, ýagşy görmez eşekden,

Kazylaryň halka yzasy beýle.


Aklyňa iş buýur, ejizlik etme,

Iş salyşsaň aždarhadan gaýytma,

Özgeler etse hem, sen özüň etme —

Söz bolar gybatyň enesi beýle.


Haramhor derwüşiň erimez bagry,

Zahyry ryýadyr, batyny — ogry,

Şerigat bir ýoldur, elip dek dogry,

Rast bolmaz Musanyň hasasy beýle.


Üýnün äşgär eden asyýa bolsa,

Özüni bileni rusyýa bolsa,

Peş geýeniň bary öwlüýä bolsa,

Köpelmezdi iliň günäsi beýle.


Ili aldar, batyr barmagyn bala,

Aýalyn okar sen, çermenip bile,

Bu dowzahy bolmaz sormagyň bile,

Işsiziň, elbetde, azasy beýle.


Milleti aldaýar işan-mollalar,

Eçilenne berer hüýr gyz, hülleler,

Hemmesi aňsatdyr gyzan pilleler,

Tutan orazasy, namazy beýle.


Behişdi eýlär sen hüşür alany,

Dowzahy diýer sen dutar çalany,

Bular — toýa, sen gözlär sen öleni,

Pirleriň dünýäde bolasy beýle.


Zahyryn düzedip, mekrin hatm edip,

Perişan halyny ilden ketm edip,

Hyzmatyn etmeseň, kapyr hökm edip,

Gargyşdan ýamandyr dogasy beýle.


Kemine diýr, hata işim wapyrdyr,

Bendesi asydyr, özi gapyrdyr,

Musulmana «kapyr» diýen kapyrdyr,

Kapyryň dowzahda jezasy beýle.


Türkmen şahyry: Kemine کمینه

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد